Sepleriň elýeterliligi

Orsýet, Ukraina gaz ylalaşygyna geldi


Orsýet 25-nji sentýabrda ÝB bilen baglaşylan ylalaşyk esasynda gyşda Ukraina gaz akdyrmagy dikeltmeklige razy boldy.

Bu ylalaşyk aýlap dowam eden berk gepleşikler netijesinde gazanyldy. Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleleri boýunça wise-prezidenti Maros Şefçowiç bu ylalaşygy Ukrainanyň oktýabrdan marta çenli aralykda gaz almagy, Ýewropa gaz akmagy üçin «uly üstünlik» we «aýgytly ädim» diýip atlandyrdy.

Ukraina we Ýewropa «gyşy arkaýyn geçirip biler» diýip, Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak aýtdy. «Biz bu ýerde hiç bir meseläniň we problemanyň bolmazlygy üçin elimizden gelenini ederis» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şefçowiç Brýusselde rus we ukrain energiýa ministrleri bilen alty sagada golaý dowam eden gepleşiklerden soň, «ähli tehniki detallar» ylalaşyldy diýdi.

Emma doly ylalaşygy tassyklamak we oňa resmi taýdan gol çekmek aýratyn bir prosedurany talap edýär.

XS
SM
MD
LG