Sepleriň elýeterliligi

Azeri okundan 4 ermeni esgeri öldi


25-nji sentýabrda, bölüniji Dagly-Garabag regionynyň golaýynda dört ermeni esgeri azeri güýçleriniň atan top we tüpeň oklaryndan wepat boldy diýip, Dagly-Garabagyň Goranmak ministrligi aýtdy.

Bir gün ozal Ermenistan özüniň Tawuş regionynda, azeri oklary netijesinde üç sany graždan aýalyň ölendigini aýtdy.

Azerbaýjan soňky habara bada-bat düşündiriş bermedi, emma Ermenistany graždan adamlary nyşana öwürmekde, ýagny olary bilkastdan graždan desgalarynyň içinden we töwereginden Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerine tarap ok atylýan pozisiýalarda ýerleşdirmekde günäledi.

XS
SM
MD
LG