Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: 15 ýyllyk plan tassyklandy


Halkara liderleri 25-nji sentýabrda garyp-gasarlygy ýok etmek, planetany gorap saklamak, deňsizligi azaltmak ýaly onlarça global meseläni çözmeklige gönükdirilen 15 ýyllyk plany tassykladylar.

Rim papasy Fransis BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda bu planyň 17 maddasyny goldady we ony Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň aladaly döwründe «umydyň möhüm alamaty» diýip atlandyrdy.

Täze bellenen maksatlara ýetmek üçin 2030-njy ýyla çenli her ýylda 3.5 trillion bilen 5 trillion amerikan dollary aralygynda serişde harçlanmagyna garaşylýar.

2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşi nazarlaýan dokumentde 169 sany ýöriteleýin maksat tutulýar.

Tankytçylar bu maksatlaryň juda ýaýraňdygyny we hasabat, jogapkärçilik meselesinde agsaýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG