Sepleriň elýeterliligi

Hammond: Orsýet Assady güýçlendirdi


Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond Orsýetiň Siriýada bolmagy prezident Başar al-Assady güýçlendirýär we «olaryň režim tarapyndan amala aşyrylan jenaýatlar babatdaky ahlak jogapkärçiligini artdyrýar» diýdi.

Hammonda 25-nji sentýabrda Fransiýanyň «Le Monde» gazetine beren interwýusynda Orsýetiň Siriýa harby ýardam bermegi «ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýar» diýdi.

Şeýle-de Hammond Assad gitmeli we Siriýanyň geljeginiň bir bölegi bolup bilmez diýdi.

XS
SM
MD
LG