Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haj basa-baslygyna "çäre ýok"


Saud Arabystanynyň ýokary derejeli ruhany lideri 24-nji sentýabrda 717 adamy öldüren zyýarat basa-baslygynyň adam kontrollugyndan daşardaky zatdygyny aýtdy.

SPA habar gullugy 26-njy sentýabrda Şeýh Abdul Aziz al-Şeýhiň Minada bolan duşuşykda içeri işler ministri, täç geýdirilen şazada Muhammad bin Naýef bin Abdelazize ýüzlenip, "bolan zatlar üçin sen jogapkär däl» diýendigini habar berdi.

«Adamlaryň kontrolluk edip bilmeýän zatlary üçin sen günäkärlenip bilmersiň, ykbal we ýazgyt gutulgysyz» diýip, Şeýh şazada aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG