Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minada 344 eýranly tapylmaýar


Eýran Saud Arabystanyny özüniň Minada bolan basa-baslykdan soň tapylmaýan 344 raýatyny tapmaga çagyrdy.

24-nji sentýabrda 717 adamy öldüren basa-baslykda 136 çemesi eýranly ölüp, 102 eýranly bolsa ýaralanypdy.

Eýranyň haj guramasynyň başlygy Seýd Ohadi 26-njy sentýabrda döwlet telewideniýesinde Minada 344 eýranlynyň henizem tapylmaýandygyny aýtdy.

Daşary işler ministriniň orunbasary Hoýsseýin Amir Abdollahian tapylmaýan eýranlylaryň sanawy saud häkimiýetlerine berildi diýdi.

XS
SM
MD
LG