Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Orsýet, Eýran, Siriýa hyzmatdaşlyk edýär


Yragyň harbylary, «Yslam döwleti» toparyna garşy durmak üçin, orsýetli, eýranly, siriýaly kärdeşleri bilen howpsuzlyk meselesinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdýarlar.

Yrak harbylarynyň bilelikdäki operasiýalar komandasy 26-njy sentýabrda bu ylalaşyga Orsýetiň öz müňlerçe raýatynyň «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň hatarynda terrorçylyk hereketlerine goşulmagy bilen bagly barha ýokarlanýan aladasy astynda gelnendigini aýtdy

Bu beýanat biraz öň Yragyň daşary işler ministri Ibrahim al-Jafariniň bir gün öň aýdan sözlerine ters gelýär.

Ol öz ýurdunyň yrak goşunlaryna kömek üçin Orsýetden hiç bir harby geňeşçi almandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG