Sepleriň elýeterliligi

Eýran saudlylardan ötünç talap edýär


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi Saud Arabystany haj zyýaratynda bolan basa-baslyk üçin ötünç soramaly diýdi.

Saud resmileri 24-nji sentýabrda bolan basa-baslykda 769 adam öldi, 900-den gowrak adam ýaralandy diýýärler. Tähran ölenleriň arasynda 136 sany eýranlynyň bardygyny aýdýar.

Hameneýi 27-nji sentýabrda saudlylar jogapkärçiligi kabul etmeli we musulmanlardan hem pidalaryň maşgalalaryndan ötünç soramaly diýdi.

Bir gün ozal Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Mekgäniň golaýynda bolan basa-baslyk barada derňew geçirilmegini talap eden bolsa, döwlet prokurory Ebrahim Raýsi Eýranyň Saud patyşasynyň maşgalasynyň öz «jenaýaty» üçin «halkara sudlarynda» jogap bermegi ugrunda tagalla etjegini aýtdy.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeýir eýranlylary betbagtçylykdan syýasat ýasamakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG