Sepleriň elýeterliligi

Saudly general öldürildi


Saud Arabystanynyň harbylary patyşalygyň bir generalynyň Ýemen bilen serhediň golaýynda öldürilendigini aýdýar.

Saud Arabystanynyň resmi metbugaty 27-nji sentýabrda general Ibrhim Hamziniň hassahanada, Jizan welaýatynda gulluk borjuny ýerine ýetirýän mahaly alan ýarasyndan ýogalandygyny aýtdy.

Bu wakanyň anyk nirede we nähili bolandygy aýdylmady.

Içeri işler ministrligi biraz öň bir polkownigiň we başga bir serhetçiniň 25-nji sentýabrda, Jizan welaýatynda ýer minasynyň partlamasyndan soň turan atyşykda öldürilendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG