Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ban bilen bilen duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bilen duşuşdy.

Türkmen metbugaty BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanda «amala aşyrylýan demokratiki prosesleriň we gerimli sosial-ykdysady özgertmeleriň häsiýetine ýokary baha berendigini» ýazýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň ýazmagyna görä, Ban Ki-mun Türkmenistanyň bilimde, saglygy saklaýyşda, sosial pudakda edýän işleriniň ýurdy has rowaç we abadançylykly döwletleriň hataryna goşjagyna ynam bildiripdir.

Türkmen lideri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý sessiýasynyň çäginde BMG-niň ösüş programmasynyň ýolbaşçysy Helen Klark we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň birnäçesiniň liderleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

XS
SM
MD
LG