Siz işe kabul ediş gürrüňdeşligine taýýarmy? Gürrüň ylaýta-da daşary ýurtda ýa-da halkara firmalaryna işe girmek isleýänler barada gidýär.
Gürrüňdeşlik geçirýänleriň maksady diňe siziň ukybyňyz hem iş başarjaňlygyňyz däl, eýse iňlis dilini näderejede gowy gepleýändigiňizi gowy synagdan geçirmekdir. Polşanyň ýörgünli internet sahypasy "Business English" işe alyş gürrüňdeşligi mahaly berilýän şol "aldym-berdimli" sowallardan iň ähmiýetli 10 sanysyny çap edipdir:
1. Özüňiz barada gürrüň beriň
Köp adam üçin bu edil suw içmek ýaly aňsat görnüp biler. Emma bu aslynda iň kyn sowallaryň biridir. Çünki işe alyş gürrüňdeşliginde bu soragy berýän aslynda siziň özüňiz barada ähli zady gürrüň bermegiňizi islemeýär. Tersine, şeýle sowal bilen ol siziň girmek isleýän işiňize özüňizi näderejede laýyk görýändigiňizi öwrenmek isleýär.
Bu soraga jogap berlende agzalýan mesele bilen bagly köpräk gürrüň etmek zerur. Meselem, özüňizi bu işe nähili taýýarlandygyňyzdan söz açyň. Şol mahal munuň bilen baglanyşykly bir mysalam getirip bilersiňiz. Adatça, iki-üç minut gürläniňden soň säginip, işe alyş gürrüňdeşligini geçirýänden munuň bilen baglanyşykly başga sowallarynyň bardygyny ýa ýokdugyny soramak maslahat berilýär. Eger olar bu temadaky gürrüňi dowam etmegiňizi isleseler, onda siz ýene mysallar arkaly gürrüň beriň. Siziň durmuş tejribäňiz real biznes durmuş pursatlary üçin zerur bolup biler.
2. Uzak möhletli maksadyňyz näme?
Hemişe açyk we hakykata laýyk gürläň. Ýetip biljek iň beýik maksadyňyz we oňa nähili ýetmek isleýändigiňiz barada gürrüň beriň. Siz öz iş karýeraňyzda bäş ýyl soň nähili derejä ýetip biljekdigiňize göz ýetirip bilmelisiňiz.
Meselem:
"Bäş ýylyň dowamynda men şu wagta çenli siziň firmaňyzda işlän iň gowy toparyň ýolbaşçysy bolmak isleýärin. Men ukyplylygym bilen beýlekilere görelde bolmak isleýärin. Men köp wagtlap abraýynyň täsiri ýitmejek başarjaňly işleriň hötdesinden gelip biljekdigime ynanýaryn. Ynha, serediň men menejerlik wezipesine taýýar bolmak ugrunda şeýle, şeýle we bu işleriň edilmelidigini aýdýaryn..." (Şol pursatda maksatlara we wezipelere ýetmek üçin nähili taýýarlyk görendigiňiz barada gürrüň beriň).
3. Duş gelen iň kyn ýagdaýyňyz nämedi we ondan nähili baş alyp çykdyňyz?
Bu sowala öňünden taýýarlykly boluň. Täzeçe garaýşy öňe sürmek üçin bir ýagdaýy mysal getiriň. (Şonda siz sebäpli däl-de, başga sebäpden ýüze çykan ýagdaýyň hötdesinden nädip gelendigiňiz barasynda gysgaça mysala ýüzleniň). Problemaly ýagdaýy saýlap alan mahalyňyz onuň çözülmeginde özüňiziň nähili möhüm rol oýnandygyňyzy aýdyň. Şonda işlemek isleýän wezipäňiz bilen baglanyşykly ukyplaryňyza has köp üns çekiň. Netijäni gowy düşündirip, firmanyň siziň hereketiňiz arkaly nähili peýda görüp biljekdigini ýaňzydyň.
Ýadyňyzdan çykarmaň, bu soragyň maksady siziň "çykgynsyz ýagdaý düşünjäňizi we ondan nädip baş alyp çykyp biljegiňizi" öwrenmekden ybaratdyr. Problemany nähili seljerýändigiňizi düşündiriň. Problemany çözmek üçin başga nähili çykalgalaryň hem bardygyny ýaňzydyň we näme üçin ylaýta-da siziň şeýle çykalga ýoluny saýlap alandygyňyzy netijesi bilen bilelikde gowy gürrüň beriň. Gürrüňdeşligiň sypaýçylykly hem mylaýym äheňde tamamlanmagyna üns beriň.
4. Siziň artykmaç hem güýçli taraplaryňyz nämeler?
Ukyplaryňyzy owaldan aňyňyzda taýýarlap goýuň. Olaryň arasyndan girjek bolýan işiňize kybapdaş gelýän üç-dört sanysyny saýlap alyň. Bar ünsüňizi has güýçli taraplaryňyza, ýagny ukyplaryňyza gönükdiriň. Süýndürip gürlemekden we adaty şygarlardan gaça duruň. Meselem:
Men köpçülik bilen gowy işleşip bilýärin...
Men gaty gowy tans edip bilýärin...
Men gaty köp işleýän adamlardandyryn...
Ünsi has köp hyjuwly taraplaryňyza, ýagny ukyplaryňyza gönükdiriň.
Meselem:
Men bir zady gaty çalt öwrenýärin.
Mende netije gazanmak tutanýerliligi bar.
Ýagşy hem mylaýym gatnaşykda bolýaryn.
Adamlara ynanmagy başarýaryn we umumy bir netije üçin işleýärin.
Adamlar bilen aňsat dostlaşýaryn.
Ýöne bulary sananyňyzda häzir boluň, sebäbi sizden olar barada anyk mysallar getirmegiňizi isläp bilerler. Mysallary hem owaldan kelläňizde gowy taýynlap goýuň.
5. Iň gowşak taraplaryňyz?
Hiç wagt gowşak tarapyňyzyň ýokdugyny aýdaýmaň. Sebäbi muňa hiç kim ynanmaz. Gaýtam bu siziň bilen işe kabul edişlik gürrüňdeşligini geçirýän adamda ýa-da adamlarda siz barada nädogry pikiriň döremegine sebäp bolup biler. Olar siziň özüňizi has beýgeldip görkezjek bolýandygyňyzy pikir edip bilerler. Aslynda has artykmaç hem güýçli tarapyňyzy hamala gowşak tarapyňyz ýa-da häsiýetiňiz ýaly edip görkezmek gowy netije berip biler.
Meselem:
Dogrusy, ýaman köp işleýän adam men... Kämahal özümden gidýänçäm işleýärin... Aslynda maşgalama köpräk wagt aýyrmaly welin, men biygtyýar köp işlemäge öwrenişipdirin... Bilemok size aýtdymmy, men aslynda gaty köp işlemäni halaýaryn. Meniň bar bilýän zadym işlemek, işlemek we ýene-de işlemek...
Aslynda has gowy başgaça jogaplar hem bar:
Aňsat düzeldip boljak gowşak häsiýetleriňiz barada söz açyň. Tejribäňiziň (ukybyňyzyň däldir!) az bolmagyndan hoşal däldigiňizi aýdyň. Täze başlajak işiňiz üçin tejribesizligiň aslynda birinji derejeli wajyp zat däldigini we aslynda şeýle işde peýdaly tejribe gazanylýandygyny gürrüň beriň.
Özüňizde bar bolan, ýöne düzedýän käbir gowşak taraplaryňyzy hem häsiýetleriňizi gürrüň beriň.
Meselem:
Bile işleýän adamlar meniň çakdanaşa talapkärdigimi aýdýarlar. Men olary soňky wagtlar kän gyssamok. Sebäbi bu ugurda has köp kitap okamaga başladym we menejerlik wezipesiniň talaplaryna doly gabat gelýän dalaşgär bolmaga jan edýärin.
6. Owalky işiňizi näme üçin taşladyňyz?
Owalky işiňizi taşlamaga nämäniň sebäp bolandygyny aýtsaňyz aýdyň, emma hiç wagt oňaýsyz sebäpleri aýtmaň. Hiç haçan işiň aýlygy sebäpli wezipäni taşlandygyňyzy aýdaýmaň. Has gowrak iş şertleri, täze wezipeleriň hötdesinden gelmek arzuw-hyýaly, üstüňe has köp jogapkärçilik almak, tejribe we täze ugurda kämilleşmek isleýändigiňiz barasynda söz açyň.
7. Näme üçin hut bu iş üçin arza berdiňiz?
Işi berýän tarap bu soragy berende, şeýle işiň size kybapdaşdygyna ýa däldigine we ony uly höwes bilen ýerine ýetirip-ýetirmejegiňize doly göz ýetirmegi maksat edinýändir. Beýleki tarapdan işi berýän bu ugurda siziň näderejede maglumata eýedigiňizi hem barlaýandyr. Şonuň üçin işe girmek isleýän firmaňyzda oýnajak roluňyza we aljak ornuňyza doly göz ýetirmäge çalşyň. Siziň häsiýetiňiziň we ukybyňyzyň girjek bolýan işiňize doly bap gelýändigini subut ediň.
8. Bilimiňiz bu iş üçin ýeterlikmi?
Bu aslynda gaty giň göwrümli bir sowal. Bu ýerde siz ünsi alan bilimiňizdäki ähmiýetli mysallara gönükdiriň. Getirýän mysallaryňyz alan bilimiňiziň girjek bolýan işiňize kybapdaşdygyny subut etmelidir. Eger iş tehniki ugra degişli bolsa, onda bu ugurdaky tejribeleriňiz barada oýlanyň. Işe höweslidigiňizi görkeziň.
9. Bu ugurda nähili tejribäňiz bar?
Hiç wagt "hiç haçan" diýmäň. Eger girjek bolýan işiňiz dogrudanam siziň üçin durşy bilen del bir ugra degişli iş bolsa we ol wezipede hem dogrudanam işlemek isleýän bolsaňyz, onda ünsi öwrenmek ukybyňyza çekiň.
Köp pikir eden mahalyňyz owalky işleriňiz bilen täze girjek bolýan işiňiziň arasynda umumylyklar taparsyňyz. Täze iş şertlerine nähili çalt uýgunlaşyp bilýändigiňiz barada maglumat beriň. Meselem:
Men owal kosmetika ugry boýunça hiç işläp görmändim. Ýöne satuw we marketing ugrynda tejribelerim bar we tejribedir-ukyplarym siziň goltgyňyz bilen gysga wagtda täze işi öwrenmegime kömek eder.
10. Näçe aýlyk isleýärsiňiz?
Bu islendik adamy kyn ýagdaýa düşürip biljek sowal. Eger bu ugurda işleýänleriň aýlyklary we öz aýlyk talabyňyz barada takyk maglumatyňyz ýok bolsa, onda haýsam bolsa bir anyk aýlygyň möçberi barasynda gürlemäň. Iň gowusy aljak aýlygyňyzyň öz üstüňize aljak jogapkärçilige bap geljek ýagdaýda boljagyny umyt edýändigiňizi nygtaň. Hiç wagt aňyňyzda aýlygyň möçberi babatda belli bir san tutmaň. Ýöne senagat ugry boýunça ortaça aýlykdan ýokarrak aýlyk almak isleýändigiňizi aýtmakdan gorkmaň. Aýlyk barasynda belli bir san aýtmagyň deregine ygtyýary işe alyş gürrüňdeşligini geçirýäne goýmak has gowudyr... Meselem:
Men hemişe öwrenmek isledim. Berlinde marketing menejeri wezipesinde işleýänleriň aýda takmynan 3700 ýewro aýlyk alýandygyny bilýärin. Meniň hem wezipäm aýda üç sany seminary gurnamakdan ybarat boljak bolsa, onda elbetde, aýlygymyň hem 4000-4500 ýewro bolmagyny islärdim.