Sepleriň elýeterliligi

BMG: Türkmen prezidenti çykyş eder


28-nji sentýabrda Nýu Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynyň esasy maslahatlary başlanýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň maslahatyň birinji güni öýlän çykyş etmegine garaşylýar.

BMG-niň Ösüş boýunça sammitiň çäginde 25-nji sentýabrda Nýu Ýorkda eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti BMG-niň 2030-njy ýyla çenli teklip edýän durnukly ösüş strategiýasynyň kabul edilmegine goldaw bildirdi. Şeýle-de G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň “ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmak we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek” maksadyny goýandygyny mälim etdi.

27-nji sentýabrdan başlap Türkmenistanyň döwlet statistika komitetiniň çagalaryň we 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň ýagdaýyny öwrenmek üçin tutuş ýurt boýunça ýörite barlaglary geçirip başlajakdygyny türkmen mediasy habar beripdi.

XS
SM
MD
LG