Sepleriň elýeterliligi

Moldowada 15 müň adam proteste çykdy


Protest aksiýasy, Kişinýow, 27-nji sentýabr, 2015.

Protest aksiýasy, Kişinýow, 27-nji sentýabr, 2015.

Moldowanyň paýtagty Kişinýowda 15 müň adamyň hökümete protest bildirip çykyş edendigi habar berilýär.

“Sosialist partiýasy” we “Biziň partiýamyz” atly syýasy toparlaryň guramaçylygynda 27-nji sentýabrda geçirlen protest aksiýasynyň gatnaşyjylary parlament saýlawlarynyň möhletinden ir geçirilmegini talap etdiler.

Moldowada köpçülikleýin protest çykyşlary 6-njy sentýabrdan bäri dowam edýär. Protestçiler Günbatara tarapdar koalision hökümetiň korrupsiýa garşy göreşmek we hakyky reformalary geçirmek ugrundaky şowsuzlyklaryny tankyt edýärler.

Ýurduň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy Dorin Dragutanu 21-nji sentýabrda wezipesinden çekildi. Ol ýurduň banklaryndan uly möçberde puluň ogurlanmagynyň öňüni alyp bilmändigi üçin tankyt edilipdi.

Birnäçe gün mundan oň Halkara Maliýe Fondy Moldowanyň ýolbaşçylary bilen täze karz barada gepleşik geçirmejegini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG