Sepleriň elýeterliligi

Baş Assambleýa işine başlaýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moon

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moon

Dünýä liderleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatyna jemlenýärler.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moon 160 ýurduň baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky bu duşuşygy “bulam-bujarlyk we umyt pursady” diýip atlandyrdy.

Maslahatyň esasy meselesi Siriýa bolup, dünýäniň liderleri 200 müň adamyň ölümine we millionlarça adamyň göçmegine sebäp bolan konfliktiň soňuna çykmagyň ýollaryny maslahat ederler.

Baş Assambleýanyň birinji güni 28-nji sentýabrda çykyş etjekleriň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin çykyş ederler.

Putin soňky on ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň maslahatyna ilkinji gezek gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG