Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň hökümeti we ymamlary toýlarda walsa garşy


Özbek gelini.
Özbek gelini.

Özbek hökümeti toýlarda wals tansynyň edilmegine, olaryň soň wideoklip we suratlar görnüşinde toý albomyna öwrülmegine garşy çykyş edýär. Munuň halkyň däp-dessurlaryna we dünýägaraýşyna ters düşýändigi nygtalýar. Juma namazlarynda bolsa ymamlar şeýle hereketleriň şerigata gabat gelmeýändigi barda wagyz-nesihat edýärler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna gürrüň beren Daşkentde toý gurnaýan firmanyň eýesi Nizomiddin öz firmasyna respublikan medeniýet we ösüş merkezinden özbek toýlarynda wals tanslarynyň gurnalmazlygy hem toýuň açylyşynda ýaş çatynjalaryň söýgi taryhy baradaky albomyň gözkezilmezligini haýyş edendiklerini aýdypdyr.

Nizomiddiniň şeýle diýýär: “Owaly bilen olar bize telefon etdiler. Onsoň ýygnaga çagyrdylar we toý walsy hem "Söýginiň taryhy" ýaly albomyň görkezilmeginiň öz mentalitetimize gabat gelmeýändigini düşündirdiler. Biziň firmamyz ýaş çatynjalara toý walsynyň tans tälimini hem öwredýär. Aç-açan gadaganlyk bolmady. Häzirlikçe diňe maslahat bermek bilen çäklendiler”..

Onuň aýtmagyna görä, firmanyň işgärleri häzirlikçe ätiýaçdan toýlarda wals tans sazyny goýbermezlik we "Söýgi taryhy" albomyny görkezmezlik barasynda bir karara gelipdirler.

"Bu biziň medeniýetimize gabat gelmeýär"

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň medeniýet we ösüş baradaky respublikan merkezdäki çeşmesiniň maglumatyna görä, "özbek toýlaryny Günbataryň täsirinden nähili halas etmeli?" temaly düşündiriş çäreleri Daşkentde 140-dan gowrak toý-dabara gurnaýan firmalaryň wekilleri bilen geçirilipdir.

Mundan daşgary "Maşgala äleminde" atly gazetde toýlarda edilýän wals tanslaryny we görkezilýän "Söýginiň taryhy" albomyny berk ýazgarýan bir makala çap edilipdir. Makalanyň awtory Dilfuza Tillýaýewanyň ýazmagyna görä, ýaş çatynjalaryň wals tansyny etmegi we ullakan ekranda olaryň "Söýginiň taryhy" albomynda gujaklaşyp duran suratlarynyň halk köpçüligine görkezilmegi özbek däp-dessurlaryna gabat gelmeýär.

Azatlyk Radıosynyň Özbek gullugynyň Daşkent welaýat häkimliginiň zenanlar komitetindäki çeşmesiniň beren maglumatyna görä, geçen hepde komitet "Mahalla" atly haýyr-sahawat jemgyýetçilik fondy, "Kamolot" atly ýaşlar hereketi we saglygy saklaýyş edarasy bilen bilelikde "Özbek toý-dabaralarynyň kadalaşdyrylmagy we olaryň Günbatar ýurtlarynyň oňaýsyz täsirinden goralmagy" temasynda bilelikde durmuşa geçirilmeli çäreleri taýýarlapdyrlar.

Agzalýan çeşme şeýle gürrüň berýär: ”Ýaş çatynjalaryň wals tansyny etmegi häzirki döwürde özbek toýlarynda ýörgünli adata öwrüldi. Birinjiden, bu biziň medeniýetimize düýbünden gabat gelmeýän bir ýagdaý. Ikinjiden hem, bu biderek pul sowup, çykdaja galmak. Ýaş çatynjalar toýdan owal iň azyndan bir hepde wals tansyny öwrenmek üçin ýörite tälim almaga mejbur bolýarlar. Wals tansynyň täliminiň tölegini öýlenjek ýigit öz üstüne almaly bolýar. Şonuň üçinem biz ilki bilen toý-dabaralary gurnaýan firmalaryň hojaýynlary bilen bu temada maslahatlar geçirýäris”.

Ymamlar walsa garşy

Ýerli ymamlar hem ýaş çatynjalaryň toýlarda wals tansyny etmegine garşy. Paýtagtyň "Mirzo Ýusuf" atly esasy metjidiniň ymamy Rahymberdi Rahmonow metbugatda çap edilen makalasynda ýaş çatynjalaryň özbek toýlarynda edýän wals tansyny berk tankytlapdyr.

Özbek ymamy öz makalasynda bu barada şeýle ýazýar: "Käbir ýaş çatynjalar toýa gelen märekäniň öňünde ogşaşmakdan uýalmaýarlar. Ýaşulular hem ulular bolsa öz gezeginde muňa, hamala "täze moda" ýaly garaýarlar. Wals tansy edilmeýän ýekeje-de özbek toýy galmady. Golaýda meniň bir tanşym şeýle wakanyň bolandygyny gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, özbek toýlarynyň birinde durmuşa çykýan gyz ýaş ýigitleriň toparynda, öýlenýän oglan hem ýaş gyzlaryň toparynda toý märekesine gelipdirler. Ýene bir özbek toýunda bolsa toý märekesiniň ortarasyna ullakan bir guty getirilip goýlupdyr. Şol gutynyň içinden soň gelin çykypdyr. Haýsam bolsa bir özbek toýunda başlanan şeýle geň edim-gylymlaryň wagtyň geçmegi bilen däbe öwrülmejegine hiç kim güwä geçip bilmez. Aslynda bu ýagdaý halkymyzyň öz milli medeniýet sakasyndan daşlaşýandygyny we keseki edim-gylymlaryň täsirine düşýändigini görkezýär. Ýagdaýa öz däplerimiziň çäginde çemeleşmelidiris".Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habar çeşmesiniň bildirmegine görä, Daşkendiň beýleki metjitlerinde hem juma namazlarynda berilýän wagz-nesihatlarda, ýaş çatynjalaryň özbek toýlarynda wals tansyny adat edinmegi meselesine garalýar.

Dabaralaryň we ýatlamalaryň tertibiniň üýtgedilmeginiň synanyşygy

Özbegistanyň hökümeti soňky 15 ýylyň dowamynda eýdip-beýdip, dabaradyr-ýatlamalaryň gurnalyş tertibini düzgünleşdirmäge synanyşýar. Ýöne hökümetiň geçirýän her hili çärelerine garamazdan, bu synanyşyklar häzire çenli garaşylan netijäni bermeýär.

2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow kabul eden permany bilen çakdanaşa şan-şöhratly, şowhun-şagalaňly toý-dabaralaryň, adaty bolmadyk ýatlamalaryň we ýörite günleriň geçirilmeginiň kadalaşdyrylmagyny talap edipdir.

Şonuň ýaly-da Daşkendiň şäher häkimligi 2012-nji ýylda restoranlarda, kafelerde we ýörite ýerlerde toý-dabaralaryň geçirilmeginiň, maşgala dabaralarynyň, hatyra günleriniň, sadakalaryň hem ýatlamalaryň gurnalmagynyň ýörite kadalaryny aýan edýän karar çykarypdyr. Ýöne şu wagta çenli kabul edilen şeýle kararlaryň hemmesi diýen ýaly diňe kagyz ýüzünde galypdyr.

XS
SM
MD
LG