Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli aktiwiste Waslaw Hawel baýragy berildi


"Moskwanyň Helsinki Toparynyň" ýolbaşçysy Lýudmila Alekseýewa.

"Moskwanyň Helsinki Toparynyň" ýolbaşçysy Lýudmila Alekseýewa.

Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasy (PACE) adam hukuklary boýunça Waslaw Hawel baýragyny orsýetli baýry aktiwist Lýudmila Alekseýewa gowşurdy.

Sowet döwrüniň dissidenti we Orsýetde adam hukuklaryny goraýjy iň tanymal we abraýly aktiwistleriň biri 88 ýaşly Alekseýewa abraýly baýrak bilen 28-nji sentýabrda Strasburgda sylaglandy.

Alekseýewa sowet dissidentleriniň hereketine 1960-njy ýyllarda Moskwanyň Helsinki Toparyny döretmek boýunça işlere başlamagynyň öňüsyrasynda goşulypdy.

Alekseýewa 1977-nji ýylda ABŞ emigrasiýa gitmäge mejbur bolupdy we 1989-njy ýylda Orsýete dolanyp, işini dowam etdiripdi.

66 000 amerikan dollaryna barabar baýrak “Ýewropada we onuň daşynda raýat jemgyýetçiligi ugrunda we adam hukuklaryny goramak boýunça görnükli işleri alyp baranlara berilýär.

XS
SM
MD
LG