Sepleriň elýeterliligi

“Dört ýyl bäri nobata durun, iş ýok”


Türkmen zenany.

Türkmen zenany.

Türkmen döwlet habarlar gullugy türkmen häkimiýetlerine salgylanyp, 2014-nji ýylda Türkmenistanda 56,7 müň raýatyň iş bilen üpjün ediljegini habar beripdi.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda işe ýerleşip bilmeýän adamlaryň sanynyň o diýen az däldigi aýdylýar. Şeýle-de, işe ýerleşmek üçin kähalatlarda para-peşgeşiň hem soralýandygyny Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölüminde hasapda durandygyny aýdýan ýerli ýaşaýjy belleýär.

Lebap welaýatynyň Birata etrabyndan özüni Ogulgözel diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan käbir raýatlaryň gürrüňi edilýän bölümde 13-15 ýyl nobata durandygyny, emma şonda-da işe ýerleşip bilmeýändigini nygtaýar. Ol bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG