Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin: Orsýetiň Siriýada esger ýerleşdirme plany ýok


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

Prezident Wladimir Putin Orsýetiň "edil şu wagt" Siriýada esger ýerleşdirme planynyň ýokdugyny, ýöne Siriýa hökümetini goldamagy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ors lideri şeýle hem Birleşen Ştatlaryň siriýaly gozgalaňçylary harby taýdan goldamagyny ýiti tankytlap, bu işi bikanun hem-de kontrnetijeli, ýagny garşylykly netije berjek iş diýip häsiýetlendirdi.

Putin bulary prezident Barak Obama bilen duşuşmagynyň öňüsyrasynda, 27-nji sentýabrda aýtdy.

Putin bilen Obamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda eden çykyşlaryndan soň dünýä liderleriniň ýyllyk ýygnagynyň gapdalynda duşuşmagy planlaşdyryldy.

Obama, Putin pikir alyşar

Amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, Obama bilen Putin Siriýa krizisi şeýle hem gündogar Ukrainada ýatmaýan konflikt barada pikir alşarlar. Kreml gündogar Ukrainadaky separatistleri goldaýanlykda aýyplanýar.

Iki prezidentiň duşuşygyna taýýarlyk görmek üçin Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri 27-nji sentýabrda duşuşdylar.

Orsýetiň Siriýadaky harby güýçlerini artdyrmagy Waşingtonda alada döretdi. Putin bilen beýleki ors resmileri bolsa Moskwanyň Siriýanyň prezidenti Başar al Assadyň goşunyny diňe ýarag we türgenleşik bilen üpjün edýändigini, bu işden maksadyň "Yslam döwleti" atly ekstremistik topar bilen söweşde oňa kömek etmekdigini aýdýarlar.

“Edil şu wagt muny planlaşdyramzok”

Bu söweşe goşulmagy üçin Orsýetiň esger ibermegi mümkinmi diýip soralanda, Putin ozal "biz dürli mümkinçilikleri gözden geçirýäris" diýip jogap beripdi.

Ol "CBS" telekanalynyň "60 Minut" programmasyna beren interwýusynda bolsa: "Orsýet Siriýanyň ýa haýsy hem bolsa başga bir döwletiň territoriýasyndaky esger operasiýalaryna gatnaşmaz. Iň bärkisi edil şu wagt muny planlaşdyramzok" diýdi.

Putin Pentagonyň 5 müňden gowrak siriýaly gozgalaňçyny türgenleşdirmek boýunça işiniň başa barmandygyny, olaryň ellä golaýynyň tutulyp ýa ýaralanyp, ýa-da ekstremistik jeňçiler bilen ýüzbe-ýüz bolanda gaçyp gidendigini we netijede diňe 4-5 sanysynyň galandygyny ýaňy-ýakynda boýun alandygyny belläp geçdi.

Putin Orsýetiň Siriýadaky harby güýçlerini artdyrmagyny aklap, Siriýa hökümetiniň goşunlaryny bu ýerdäki ýeke-täk kanuny goşun diýip suratlandyrdy. Ol Birleşen Ştatlaryň "bikanun strukturalary" goldamagy halkara hukugyna we Birleşen Milletler Guramasynyň hartiýasyna ters diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG