Sepleriň elýeterliligi

Wyždan azaby beýniniň kadaly işleýşini görkezýär


Adamyň beýnisi

Adamyň beýnisi

Alymlar adamda ynsap duýgusynyň bolmagynyň, ondaky wyždan azabyndan ejir çekmek ukybynyň beýniniň kadaly işlemeginiň alamatydygyny aýdýarlar.

Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň Beýni institutynyň işgärleri adamyň köp başdan geçirýän duýgularynyň biri bolan ynsap duýgusynyň, beýniniň kadaly işleýşini görkezýän esasy alamatlaryň biridigini aýdýarlar.

«Biz wyždana adamynyň öz ýalançylygyndan lezzet almaga ýol bermeýän, onuň öz-özüne gözegçilik etmek mehanizmi hökmünde garaýarys. Biz wyždanyň islendik pursatda işleýändigini görkezdik. 'Wyždan azaby' bar. Beýniniň içindäki (ýalňyşlary anyklaýan) detektor ýalany hakykat hökmünde kabul etmäge rugsat bermeýär – ýalançylygyň bilinýän ýagdaýynda beýni sistemasy şeýle işleýär» diýip, adamynyň beýnisini öwrenýän institutyň neýrowizualizasiýa laboratoriýasynyň baş ylmy işgäri Maksim Kireýew 23-nji sentýabrda Sankt Peterburgda geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, ”Interfaks” agentligi habar berýär.

Adamynyň beýnisini öwrenýän institutyň müdiri Swýatoslaw Medwedewiň bellemegine görä, ynsap duýgusy nerw sistemasy kadaly işleýän ähli adamlara mahsusdyr: “Ynsap hemmelerde bar. Ýöne ol nämäniň dogry diýlip hasaplanylmagyna degişli dürli matrisalara esaslanýar. Nakylda aýdylyşy ýaly, wyždan erbet işleri etmäge päsgel bermeýär-de, olardan lezzet almaga päsgel berýär” diýip, ”Interfaksyň” maglumatynda aýdylýar.

Psihologiýa boýunça neşirlerde berilýän düşündirişlere görä, wyždan duýgusy adamynyň öz wyždan borçlaryny özbaşdak kesgitlemek we öz-özüne ahlak taýdan gözegçilik etmek, özünden talap etmek we edýän hereketlerine baha bermek ukybydyr.

Geçen ýylda britaniýaly alymlar adamynyň wyždanynyň fiziologiýa taýdan gurluşy barada açyş edipdiler. Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň wyždanyň - adamynyň beýnisinde nerwleriň kiçijik goýy lagtasy görnüşinde ýerleşýändigini anyklandygy habar berlipdi. Onuň ululygynyň ähli adamlarda birmeňzeşdigi we jandarlaryň hiç bir görnüşinde onuň ýokdugy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG