Sepleriň elýeterliligi

Daşkentde Amerikan ilçihanasyna 'Molotow' oklandy


ABŞ-nyň Daşkentdäki ilçihanasy näbelli bir adamyň “ilçihananyň territoriýasyna içi ýangyçly elde ýasalan guraly” oklandygyny aýtdy.

Ilçihananyň ABŞ-nyň raýatlaryna howpsuzlyk bilen bagly eden duýduryşynda 28-nji sentýabrda irden bolan hüjümde oklanan gurallaryň biriniň partlandygy, emma hiç kimiň ýaralanmandygy aýdyldy.

Ilçihana hadysanyň netijesinde diplomatik missiýada howpsuzlyk gözegçiliginiň güýçlendirilendigini, emma onuň “ýapylmandygyny we biznes üçin açykdygyny” aýtdy. “Häzirki wagtda amerikanlara we amerikan bähbitlerine garşy howpa degişli aýratyn maglumat ýok” diýlip, maglumatda aýdylýar. Bu hadysa boýunça derňew geçirilýär.

XS
SM
MD
LG