Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe: Yslamçy partiýanyň aklawçysy tussag edildi


Buzurgmehr Ýorow

Buzurgmehr Ýorow

Täjigistanyň “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” aklawçysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbede tussag edildi.

Içeri işler ministrliginiň 29-njy sentýabrda aýtmagyna görä, Buzurgmehr Ýorow hilegärlikde we galplykda aýyplanýar.

Ýorow “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” sentýabryň başynda goranmak ministriniň öňki orunbasarynyň heläkçilikli gozgalaňyna ýolbaşçylyk etmekde güman edilip, tussag edilen baş ýolbaşçylarynyň ençemesini gorapdy.

Polisiýa bölümine we ýarag saklanýan harby edara hüjüm etmekde aýyplanan goranmak ministriniň oňki orunbasary Abduhalim Nazarzoda 16-njy sentýabrda ýörite operasiýanyň netijesinde öldürildi. Şol wakalaryň öňüsyrasynda täjik resmileri “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasyny” gadagan etdi.

Partiýanyň ýurduň daşynda ýerleşýän lideri Muhiddin Kabiri özüne garşy ähli aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG