Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Obama Zarif bilen 'elleşip salamlaşdy'


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarifyň ABŞ-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde elleşip salamlaşandygy habar berilýär.

Reuters habar agentligi ady agzalmadyk eýran resmisine salgylanyp, bu “tötänleýin” wakanyň 28-nji sentýabrda bolandygyny habar berdi.

“Hiç zat planlaşdyrylmandy we bu sanlyja sekundyň içinde bolup geçdi we olar bir birini gowy garşyladylar”, diýip resmi aýdypdyr.

Eýranyň resmi IRNA agentligi ady agzalmadyk diplomatik resmisine salgylanyp, Zarifyň Obamanyň golaýyna “tötänden” barandygyny we olaryň elleşip salamlaşandygyny habar berdi.

Bu maglumat amerikan resmileri tarapyndan derhal kommentirlenmedi.

Habar berilýän waka tassyklanan ýagdaýynda, bu ABŞ-nyň prezidentiniň Eýranyň ýokary derejeli diplomatlary bilen 1979-njy ýylyň rewolýusiýasyndan bäri ilkinji gezek elleşip salamlaşan pursady bolup biler.

XS
SM
MD
LG