Sepleriň elýeterliligi

Dünýä türkmenleri we türkmen-owgan serhedi


Demirgazyk Owganystanda jeňçilere garşy göreşýän ýerli türkmen ýaragly topary.

Demirgazyk Owganystanda jeňçilere garşy göreşýän ýerli türkmen ýaragly topary.

Bilnişi ýaly, Owganystanyň demirgazygynda Türkmenistan bilen serhetýaka sebitlerde etniki türkmenler köpçülik bolup ýaşaýarlar.

Eýýam birnäçe wagtdan bäri şol sebitlerde etniki türkmenler Talybanyň, şol sanda dürli ýaragly toparlaryň hüjümlerine duçar bolup gelýärler. Munuň bilen baglanşykly dünýä metbugatynda häli-şindi dürli maglumatlar berilýänem bolsa, Türkmenistan tarapynda bu temada hiç hili söz açylmaýar.

Eýse, şeýle ýagdaýda Türkmenistandaky türkmenler bilen bir hatarda dünýä türkmenleri türkmen-owgan serhediniň iki ýakasynda bolup geçýän wakalardan näderejede habardar? Dünýä türkmenleri Türkmenistan-Owganystan serhedinde barha ýaramazlaşýan ýagdaýlar barada nähili pikirde? Serhediň iki ýakasyndaky türkmenler nähili ýagdaýlary başdan geçirýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda ünsi türkmen-owgan serhediniň iki ýakasynda bolup geçýän wakalar barada halk köpçüliginiň bilýän maglumatlaryna gönükdirýär.

Türkmen-Owgan serhediniň iki ýakasynda bolup geçýän wakalar barasynda bilýän maglumatlaryňyzy, tejribeleriňizi, çözgüt teklipleriňizi we öz garaýyşlaryňyzy Azatlyk Radiosy bilen hat@azatradio.org we metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip, dünýä türkmenlerine ýetirip bilersiňiz. Şeýle-de aşakdaky foruma hem öz teswirleriňizi ýazyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG