Sepleriň elýeterliligi

Gunduz: Owgan güýçleri söweşýärler


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri, Gunduz, 29-njy sentýabr, 2015

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri, Gunduz, 29-njy sentýabr, 2015

Owgan hökümeti howpsuzlyk güýçleriniň demirgazyk Owganystanyň Gunduz welaýatyny “Talybanyň” söweşijileriniň elinden gaýdyp almak boýunça hüjüme başlandygyny habar berdi.

“Täze güýçler Gunduza bardy we operasiýa başlady” diýip Goranmak ministrligi 29-njy sentýabrda habar berdi.

Beýannamada hökümet güýçleriniň şäheriň türmesini we welaýatyň polisiýa edarasyny “Talybanyň” söweşijileriniň elinden basyp alandygy aýdyldy.

Şol bir wagtda-da NATO-nyň metbugat-wekili “koalisiýa we Gunduzda hereket edýän owgan güýçlerine abanýan howpy aradan aýyrmak üçin” ABŞ-nyň harby uçarlarynyň “Talybanyň” pozisiýalaryny oka tutandygyny habar berdi.

Owganystanyň Saglyk ministrliginiň metbugat-wekiliniň aýtmagyna görä, Gunduzyň keselhanalaryna 16 adamyň jesedi we 172 ýaralanan adam ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG