Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: ABŞ, Orsýet 'YD' garşy göreşer


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s), Nýu Ýork
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s), Nýu Ýork

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň we ABŞ-nyň prezidentleriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde duşuşyklary geçirmek we “Yslam döwleti” toparyna garşy göreş üçin ýol gözlemek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Lawrow bu barada Wladimir Putiniň we Barak Obamanyň iki ýylyň dowamynda geçiren ilkinji duşuşygynyň yzýany 29-njy sentýabrda RT telewideniýesi bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Lawrow “örän konstruktiw” diýip baha beren şol gepleşiklerde “ABŞ-nyň we Orsýetiň Siriýa boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň ähtimallygyna” seredilendigini aýtdy.

ABŞ Kremli onuň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada güýçli ýaraglary, howa uçarlaryny we harbylary bermegi üçin tankyt edýär.

XS
SM
MD
LG