Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çägindäki Umumy çykyşlaryň dowamynda çykyş etmeli güni hiç hili söz sözlemedi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän ýubileý 70-nji sammitiniň dowamynda 28-nji sentýabrda çykyş etmelidi. Deslapky sanawa görä, türkmen lideri duşenbe güni Umumy çykyşlaryň öýländen soňky geçirilýän sessiýasynyň dowamynda 14-nji bolup, Kenýadan soň çykyş etmelidi.

Emma BMG-niň öz resmi saýtynda şol gün çykyş edenleriň sanawynda Türkmenistanyň ady ýok. BMG-niň şol sammitine gatnaşýan žurnalistler hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji sentýabrdaky öňünden planlaşdyrylan çykyşynyň bolmandygyny tassykladylar.

G.Berdimuhamedowyň näme sebäpden çykyş etmändigi barada häzire çenli resmi derejede hiç hili maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a edýän iş saparyny tamamlap, 28-nji sentýabrda agşam ýurda dolanandygyny habar berdi. Şol pursat Türkmenistanyň beýleki resmileriniň prezidenti BMG-de eden “taryhy çykyşy” bilen gutlandyklary barada maglumat berilse-de, haýsy çykyş barada gürrüň edilýändigi aýdyňlaşdyrylmady.

Gepiň gerdişine ýatladyp geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda BMG-niň durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan sammitinde çykyş edipdi. Emma welin türkmen lideriniň 28-nji sentýabrda Umumy çykyşlaryň dowamynda planlaşdyrylan çykyşy bolmady.

Azatlyk Radiosynyň türkmen prezidentiniň öňünden planlaşdyrylan çykyşynyň näme sebäpden başa barmandygy bilen gyzyklanyp, bu ugurdan Türkmensitanyň Daşary işler ministrliginden kommentariý almak synanyşyklary şowsuz gutardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG