Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe, PKK çaknyşyklarynda 60 adam öldi


Ýurduň günorta-gündogarynda, demirgazyk Yrak bilen serhetde Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri bilen kürt pitneçileriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 60-a golaý adam öldi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 29-njy sentýabrda demirgazyk Yrakdaky harby operasiýada 30-dan gowrak kürt pitneçisiniň öldürilendigini aýtdy.

Kürdüstan Işçiler partiýasy, PKK bolsa 28-nji sentýabrda, Adana şäherinde iki türk ofiserini öldürdi. Türk harbylary 28-nji sentýabrda kürt pitneçileriniň 6 sanysynyň öldürilendigini aýtdylar.

Şeýle-de harbylar 25-nji sentýabrda demirgazyk Yrakdaky nyşanalara urlan howa zarbalarynda azyndan 19 pitneçiniň öldürilendigini aýtdylar.

Erdogan iýuldan bäri Türkiýede we Yrakda 2 müň çemesi pitneçiniň öldürilendigini aýdýar.

Bu çaknyşyklarda 150 çemesi türk polisiýa ofiseriniň we esgeriniň öldürilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG