Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Selefiler bilen sopularyň arasyndaky dawa


Selefiler bilen sopularyň arasyndaky dawwa.
Selefiler bilen sopularyň arasyndaky dawwa.

Inguşystanyň baştutany Ýunusbek Ýewkurow soňky üç aýda indi ikinji gezek respublikanyň müftüsi Issa-hajy Hamhoýew bilen meşhur wagyz-nesihatçy Hamzat Çumakowyň tarapdarlarynyň arasynda dörän dartgynlylygy aradan aýyrmaga synanyşýar.

Ýewkurowyň kömekçisi Torşhoýew geçen gepde "Kawkazskiý uzel" (”Kawkaz düwni”) internet sahypasy bilen geçiren söhbetdeşliginde Nasir-Kort metjidiniň töwereginde bolup geçen wakalary gurnanlary ýazgaryp, wagyz-nesihatçy Çumakowa garşy hem haýbatly çykyş edensoň, wezipesini taşlamaga mejbur bolupdyr.

Inguşystanyň baştutany Ýunusbek Ýewkurow.
Inguşystanyň baştutany Ýunusbek Ýewkurow.

Adynyň tutulmazlygyny isleýän çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Inguşystanyň baştutany Torşhoýewiň özüni alyp barşynyň hut öz "parahatçylyksöýüji" tutumyna oňaýsyz täsir ýetirrendigini güman edýär.

Çumakow sekiz ýyldan bäri demirgazyk Kawkazda köpsanly musulman ýaşlara güýçli täsir edip bilýän harizmatik bir lider hasaplanýar. Olaryň pikrine görä, hökümetden maliýe kömegini alan dini işgärler öz erkini hem täsirini ýitiripdirler we öz dini borçlaryny berjaý etmegiň deregine hökümete ýaranmaga çalyşýarlar. Çumakowyň hut özi köp wagtdan bäri korrupsiýada aýyplanyp gelýär we bu ýagdaý Inguşystanyň hökümeti üçin kellagyra öwrülipdir.

Çumakow bilelikde bir metjitde namaz okalmagyna garşymy?

Dini toparlaryň arasyndaky agzalalyk iýun aýyndan öň hasam möwjäpdir. Şu ýylyň iýun aýynyň 5-nde respublikanyň müftüsi Issa-Hajy Hamhoýew bilelikde juma namazyny okamak üçin beýleki dini işgärlerdir tarapdarlary bilen bilelikde Çumakowyň wagyz-nesihat berýän Nasir-Kort metjidine barypdyrlar.

Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda jemgyýetde has ýaýrawly şafy tarykatyna görä, juma namazy diňe bir metjitde okalmalydyr.

Nasir-Kort metjidinde tarapdarlaryň arasynda närazylyk ýüze çykypdyr we dawwa turupdyr. Onsoň olaryň arasyna polis girip, köşeşdirmeli bolupdyr. Sonra metjit polis tarapyndan goraga alnypdyr. Şol bolan wakada hiç kime zeper ýetmändir.

Şerigat meselelery boýunça ylymlaryň doktory Abo Kanyýew "Kawkaz düwni" internet sahypasyndaky interwýusynda resmi dini guramalar tarapyndan 15-nji maýda Makasda geçirilen halkara ylahyýet konferensiýasynyň netijelerinden razy bolmandygyny aýdypdyr. Onuň aýtmagyna görä, "bilelikde namaz okalmagyna garşy bolan Hamzat Çumakow köp wagtdan bäri müftä garşy hereket edýär".

Inguşystanyň baştutany Ýewkurow owaly bilen metjidi düýbünden yapjakdygyny aýdypdyr. Soň bolsa taraplary ýüze çykan agzalalygy öz arasynda çözmäge çagyrypdyr.

Şäheriň sopulary metjitden çetde galypdyrlar

Her hepde gündelik "Nezawisimaýa gazeta" gazetinde dini meseleler barasynda ýazýan Wladislaw Maltsewiň "Selefiler Inguşystanda öz kadalaryny ornaşdyrmaga synanyşýar" atly makalasy yzygiderli çap edilipdir.

Awtoryň öz makalasynda ýazmagyna görä, Iguşystanda köpçülik sufizmi goldaýar we bu ygtykada eýerýär. Çumakow bolsa sebitiň sufizm tarykatynyň kadalaryna garşy çykýar. Selefiler bilen sufizme eýerýän sopularyň arasynda dörän agzalalyk 5-nji iýunda ýetjek derejesine baryp ýetipdir. Namaz wagty ullakan dawa-jenjel turupdyr.

Awtoryň ýazmagyna görä, Çumakow Nasir-Kort metjidinde umumy namazyň gurnalmagyna düýbünden garşy çykypdyr we hiç haçan muňa ýol berilmejekdigini aýdypdyr. Awtor makalasynda Iguşystanyň baştutanynyň kömekçisi Torşhoýewiň eden çykyşyndan hem şeýle mysallar getiripdir: "Ýaşaýjylar ybadat üçin başga şäherleriň metjitlerine gitmäge mejbur bolýarlar. Çumakow wagyz-nesihat etmeýär, gaýtam halk köpçüliginiň ynanjyny öz eýeçiligine geçirýär. Nasir-Kort metjidine ybadata gelen sopular täze öňe sürülýän kadalar bilen razylaşmaýarlar. Müfti Çumakowy metjide ymam saýlamandyr. Ýaşaýjylar hem ony bu wezipä saýlamandyrlar. Metjidiň ymamy Ruslan Çakyýewdir. Ýöne oňa wagyz-nesihat etmäge hem mümkinçilik berilmeýär. Şonuň ýaly-da selefiler sosial mediada guramaçylykly ýagdaýda hereket edip, toparlary dördýärler. 5-nji iýunda ”Wkontakte” sosial ulgamynda ýaýradylan bir bildirişde, Inguşystanyň Çeçenistanyň, Dagystanyň we Kabardino-Balkariýanyň selefileri Nasir-Kort şaherinde jemlenip, Hamzat Çumakowyň tarapyny tutmaga çagyrylypdyr.

"Agzalalykdan haraý gözleýän syýasy güýçler bar"

Çumakow hem öz nobatynda "www.kavpolit.com" atly internet sahypasynda çap edilen interwýusynda, sopularyň Nasir-Kort metjidinde ybadat etmegine hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny belläpdir. Ol Inguşystanda musulmanlaryň arasyndaky agzalalykdan "käbir syýasy güýçleriň" özüne haraý gözleýändigini öňe sürüpdir.

Ýewkurowyň Çumakowy goldaýandygy ýalanmy, ýogsa-da ol özüni adalatly araçy ýaly görkezmek isleýärmi - muny häzir aýtmak gaty kyn.

Şeýle ýagdaýda Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowyň Çumakowyň tarapyny tutmagy, onuň Kreml bilen arasynyň gowudygyny hem ýaňzydyp biler. Kadyrow ony "ol ne terrorçy, ne-de wahhaby" diýip häsiýetlendiripdir.

Ýene bir iň soňky bellenip geçilmeli ýagdaý bolsa, soňky aýlarda Ýewkurowyň bu temadan dört sany ýörite interwýusynyň çap edilmegidir. Ýöne ol hiç bir interwýusynda Çumakowy ýatlamandyr.

XS
SM
MD
LG