Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Yslamçy partiýa 'terrorçy' saýylýar


Täjigistanyň Yslamçy Gaýtadan döreýiş partiýasy resmi taýdan terrorçy gurama diýlip atlandyryldy.

Täjigistanyň Ýokary sudy 29-njy sentýabrda bu partiýany ekstremist hem terrorçy toparlaryň gara sanawyna goşdy.

Bu karar Içeri işler ministrliginiň Yslamçy partiýanyň aklawçysy Buzurgmehr Ýorowy tussag eden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ol galplykda we kezzaplykda aýyplanýar. Sentýabryň başynda bu partiýanyň öňbaşçy agzalarynyň 13 sanysy tussag edildi.

Olar goranmak ministriniň pitneçilikde aýyplanan orunbasary bilen ilteşikli hasaplanýar. Goranmak ministriniň orunbasary Abduhalim Nazarzoda 16-njy sentýabrda, ýörite operasiýa mahalynda öldürildi.

Resmiler ony ýarag deposyna we polisiýa bölümine hüjüm etmekde aýypladylar.

XS
SM
MD
LG