Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putine Siriýa harby ibermek hukugy berildi


Rus parlamentiniň ýokary palatasy prezident Wladimir Putine ýurduň harbylaryny Siriýa ibermek hukugyny berýän karara biragyzdan ses berdi.

Federasiýa geňeşinde Putiniň talabyna 162 deputat goldaw bildirdi, saklanan bolmady.

Putiniň adminstrasiýasynyň başlygy Sergeý Iwanow bu ses berişlikden soň, onuň Orsýetiň gury ýer goşunlarynyň hökman Siriýadaky söweş operasiýalaryna gatnaşjakdygyny aňlatmaýandygyny, bu tassyklamanyň ýurduň harby-howa güýçleriniň ulanylmagyna degişlidigini aýtdy.

Orsýet özüniň prezident Başar al-Assadyň goşunlaryna «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşmäge ýardam berýändigini aýdýar.

Ýakyn Gündogaryň käbir metbugat habarlarynda eýýäm rus uçarlarynyň Siriýada howa zarbalaryny urandygy aýdylýar. Kreml bu habarlary tassyklamady.

XS
SM
MD
LG