Sepleriň elýeterliligi

Dini topara goşulan gazak 3 ýyl aldy


Gazagystanyň Temirtau şäheriniň sudy ýerli ýaşaýjyny gadagan edilen yslamçy topara agza bolmakda günäli tapyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Karagandanyň regional sudunyň metbugat gullugy 30 ýaşyndaky Orazbek Arakaşewiň 30-njy sentýabrda «Tablighi Jamaat» toparynyň agzasy bolamakda günäli tapylandygyny we şol günüň özünde türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy.

Suduň berýän maglumatyna görä, Arakaşew gadagan edilen toparyň Pakistanyň Lahor we Karaçi şäherlerindäki işlerine işjeňlik bilen gatnaşypdyr.

1926-njy ýylda Hindistanda döredilen «Tablighi Jamaat» topary özüni parahatçylyk guramasy atlandyrýar we syýasat bilen meşgullanmaýandygyny öňe sürýär.

Bu gurama soňky ýyllarda Gazagystanda, Orsýetde, Täjigistanda we Özbegistanda gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG