Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemene barýan ýarag saklandy


Ýemende saudlylaryň ýolbaşçylygynda Eýran bilen ýaranlykdaky huti toparyna garşy söweşýän koalisiýa Tähranyň gämili Ýemene ýarag aşyrmak synanyşygynyň öňüni alandygyny aýdýar.

Koalisiýa 30-njy sentýabrda Omanda 26-njy sentýabrda saklanan gäminiň huti güýçlerine niýetlenen dürli ýaraglary, toplary we raketalary alyp barýandygyny aýtdy.

Bu gäminiň sürüjileri 14 sany eýranly bolup, gäminiň dokumentleri onuň eýran raýatyna degişlidigini görkezýär. Hutiler şindi hem ýurduň paýtagtyny, Sanaany elde saklaýarlar.

Ýemen, Saud Arabystany we beýleki ýurtlar Eýrany hutileri goldamakda aýyplaýarlar, Tähran muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG