Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: ABŞ, Orsýet Siriýa babatda 'ylalaşýar'


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlar we Orsýet Siriýa boýunça «käbir esasy prinsiplerde» ylalaşdy diýdi.

Kerri bu sözleri 29-nji sentýabrda, prezidentler Barak Obama bilen Wladimir Putin BMG-niň Baş assambleýasynyň gapdalyndan duşuşandan soň, telewideniýe (MSNBC) bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol «Yslam döwleti» toparynyň ýok edilmek zerurlygy, Siriýada syýasy geçişiň ýola goýulmalydygy barada ylalaşylandygyny aýtdy.

Emma ol Damaskyň esasy goldawçysy bolan Moskwa, prezident Başar al-Assad häkimiýetden çetleşdirilmese, Siriýada parahatçylyk bolmajagyna düşünmeli diýdi.

XS
SM
MD
LG