Sepleriň elýeterliligi

Gije kofe içmek "biologiki sagadyňyzy" 40 minutlyk "sägindirýär"


Gije kofe içmek "biologiki sagadyňyzy" 40 minutlyk "sägindirýär"

Gije kofe içmek "biologiki sagadyňyzy" 40 minutlyk "sägindirýär"

Britan we amerikan alymlary şeýle netijä gelipdirler, ýagny gije içilen kofeniň her bir käsesi biziň biologiki sagadymyzy 40 minutlyk "säginmäge" mejbur edýär.

Bu ýagdaý şol bir wagtyň özünde kofeniň uklatmaýandygyny subut etmek bilen birlikde käbir, adatça ir örýän adamlaryň, netijede "baýguş" ýaly (gije gaty giç uklaýan) adama nähili öwrülýändigini äşgär edýär.

"Science Traditional Medicine" žurnalynda çap edilen bu ylmy makala, geçirilen barlagyň dünýäde ýaýrawly ulanylýan psihoaktiw madda bolan kofeniň adamyň bioritimlerine edýän täsiriniň hem ilkinji gezek şeýle jikme-jik ýagdaýda subut edilendigini görkezýär.

Kolorado uniwersitetiniň professory Kenneth Wright we onuň kärdeşleri agşam ýa-da gije içilen bir käse kofeniň adamy näçe wagtlap uklatman saklaýandygyny hasaplapdyrlar. Şeýle maksat bilen 50 günüň dowamynda bäş sany meýletin adamyň kömegi bilen ylmy derňew geçiripdirler.

Biologiki sagat hem yza galyp bilýär

Meýletinleriň bolýan otagynda çyra hiç wagt söndürilmändir we ýagtylygy hem peseldilmändir. Ukudan üç sagat owal alymlar meýletinlere "witamin" beripdirler. Ol dermanlaryň düzüminiň ýarysy diýen ýaly kofein eken. Ondan soňky sagatlarda biologlar meýletinlerden tüýkülik bölejiklerini alypdyrlar. Onsoň uky garmony bolan melatoniniň mukdaryny ölçäp görüp, meýletinleriň ukusynyň geljek wagtyny we olaryň ukuda boljak möhletini hasaba alypdyrlar.

Synagyň netijesinde, düzüminde bir käse kofedäki ýaly kofein mukdary bolan dermanlary içenleriň biologiki sagady 40 minut "yza galypdyr".

Şeýlelikde kofeiniň gipofiziň öýjüklerde melatonini ýok edýän reseptorlaryny duruzýandygy mälim bolupdyr.

Ir ýatýanlaryň giç ýatýanlara öwrülmegi

Bu reseptorlar ukynyň başga bir çagyryşy (signaly) bolan adenozini kabul edip, melatonin öndürmäge başlaýarlar. Eger bu ýagdaý birnäçe günüň dowamynda bökdelse, adamyň biologiki sagady "gaýdyp sazlanmajak ýagdaýda" bozulýar we ondan soň adam kofeinsiz hem has giç uka gitmäge başlaýar.

Onsoň ukudan ir oýanmagy endik edinen adamlaryň giç ýatyp, giç turýan adamlara öwrülmek howpy döreýär.

Otagda diýseň ýagty çyra ýakylmagy hem adama edil kofein ýaly täsir edýär. Ýöne bu ýagdaýyň has geň tarapy- olaryň ikisi bilelikde bolan mahaly hem adamynyň ukusyzlygyny 40 minutdan artyk uzaga çekdirip bilmeýär.

Professor Wrightiň aýtmagyna görä, adamyň biologik sagadynyň üýtgedilmeginiň ukusyz galýan wagtyna täsirinde häzirlikçe alymlara möhletiň çägi taýdan äşgär bolmaýan taraplaram bardyr.

Emma häzirlikçe kofeiniň şeýle aýratynlygyndan köpsanly adam peýdalanyp bilýär. Bu tema aslynda sagat wagtlary üýtgeýän we täze durmuş akymyna öwrenişmäge synanyşýan adamlar bilen baglanşyklydyr.

XS
SM
MD
LG