Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda ogurlanan türk işçileri boşadyldy


Bagdatda ogurlanan 16 sany türk işçisi azatlyga çykdy. Olar bir aýa golaý ýesirlikde saklandy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu ol işçileriň 30-njy sentýabrda Yrakdaky türk ilçisine gowşurylandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol işçileriň hemmesiniň hal-ýagdaýynyň gowudygyny sözüne goşdy. Emma ol işçileriň nähili ýagdaýda azat edilendigi barada goşmaça maglumat bermedi.

2-nji sentýabrda Bagdadyň demirgazygynda ogurlanan 18 işçiniň 2 sanysy iki hepde soň Basrada azat edilipdi.

XS
SM
MD
LG