Sepleriň elýeterliligi

Siriýada söweşen rus türmä basyldy


Týumen şäheriniň ýaşaýjysy Siriýa gidip, «Yslam döwleti» toparynyň hatarynda söweşendigi üçin iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň regional bölümi yslam dinini kabul eden Witaliý Makarowyň 2013-2014-nji ýyllarda Siriýada «Yslam döwleti» toparyna ygrarly bikanun ýaragly toparlaryň hatarynda harby hereketlere goşulandygy üçin günäli tapylandygyny aýtdy.

Ýusuf diýen musulman adyny alan Makarow özüniň günäkärdigini boýun aldy.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy biraz öň 2400 çemesi orsýetliniň Siriýada we Yrakda «Yslam döwleti» toparynyň hatyrynda söweşýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG