Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Resmiler Gunduzy yzyna aldyk diýýär


 Gunduz, 1-nji oktýabr, 2015

Gunduz, 1-nji oktýabr, 2015

Owgan resmileri hökümet güýçleriniň 1-nji oktýabrda demirgazykdaky strategiki şäher Gunduzyň köp bölegini «Talyban» jeňçilerinden yzyna alandyklaryny aýdýarlar.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda öten agşam geçirilen operasiýada 150 jeňçiniň öldürilendigi, häzir Gunduzyň pitneçilerden arassalanandygy aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda graždan adamlardan pida bolanyň ýokdugy aýdylýar.

«Talybanyň» sözçüsi Gunduzyň yzyna alnandygy baradaky beýanaty ret etdi.

Ol «Roýter» habar gullugyna pitneçileriň hökümet güýçlerine garşy durmagynyň dowam edýändigini, şäheriň merkeziniň we beýleki bir topar ýeriniň öz ellerinde galýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG