Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň we rus harbylarynyň Siriýada tötänlikdäki çaknyşyklaryň öňüni almak üçin maslahat etmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 30-njy sentýabrda, Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň gapdalynda geçiren gepleşiklerinden soň beýanat etdiler.

Kerri bu konsultasiýalaryň 1-nji oktýabrda geçirilmeginiň hem ahmaldygyny aýtdy. Orsýet 30-njy oktýabrda Siriýada ilkinji howa zarbalaryny urup başlanyndan soň, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşýän koalisiýa bilen tötänleýin çaknyşyklaryň bolmak ähtimallygy birden ýokary galdy.

Orsýet «Yslam döwleti» toparyny nyşana alýandygyny aýtdy, emma ABŞ resmileri we Siriýanyň oppozisiýa toparlary rus uçarlarynyň «Yslam döwleti toparynyň eýelemeýän ýerlerine zarba urandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG