Sepleriň elýeterliligi

Pakistan 25 jeňçini öldürdim diýýär


Pakistan goşuny ýurduň Owganystan bilen serhedine golaý ýerlere urlan howa zarbalarynda güman edilýän jeňçileriň 25 sanysyny öldürendigini aýdýar.

Pakistanyň aňtaw resmisi 1-nji oktýabrdaky zarbalarda owgan serhedinden 40 km çemesi daşlykda ýerleşýän alty bukynyň weýran edilendigini aýtdy.

Hökümet geçen ýyl serhet etraplarynda, hususan-da Demirgazyk Wazirstanda ýerleşýän «Talyban» jeňçilerine garşy dowamly hüjüme başlady.

Emma muňa garamazdan, goňşy Owganystan Kabula garşy göreşýän «talyban» jeňçileriniň pakistan topraklaryny ulanmagyna rugsat berilmeginden şikaýat edýär.

XS
SM
MD
LG