Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýada 36 graždany öldürdi


Siriýanyň esasy oppozisiýa toparynyň başlygy Orsýetiň 30-njy sentýabrda uran howa zarbalary 36 graždany, şol sanda bäş çagany öldürdi diýdi, Orsýet muny bada-bat ret etdi.

Günbatar tarapyndan goldanylýan oppozisiýa toparlaryny öz içine alýan Milli koalisiýanyň başlygy Haled Hoja ýerli aktiwistleriň merkezi welaýat Homsda öldürilen 36 adamyň şahsyýetini anyklandyklaryny aýtdy.

«Pidalaryň ählisi asuda ilata degişli» diýip, Hoja BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçýän ýerinde aýtdy.

«Şeýlelikde, Orsýetiň interwensiýasynyň režimi goldaýandygy, Siriýanyň içinde has kän adamy öldürjekdigi, has kän baş-başdak atmosfera döretjegi belli boldy» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Rus uçarlary Azat Siriýa goşunynyň bazalaryna hem zarba urdular, emma pida bolmady diýip, ol aýtdy.

Moskwa öz 20 zarbasynyň «Yslam döwleti» toparynyň nyşanalaryna urlandygyny aýdýar, emma Hoja ol dört etrapda YD güýçleri ýok diýýär.

XS
SM
MD
LG