Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýsyz Kolizeý! Beýik Kolizeý!


Taýsyz Kolizeý! Beýik Kolizeý!
Taýsyz Kolizeý! Beýik Kolizeý!

Taýsyz Kolizeý! Beýik Kolizeý!

Ol bu dünýäniň mysalynda döredilen bolsa gerek. Ony döreden ussa älemiň şekilini ýeriň üstünde emele getiripdir. Onuň başyň belentde, hol bulutlaryň deňinde, düýbi bolsa aşakda, gaty çuňda. Tomaşaçylar – adamlar ol ýerde oturyp, ortada barýan gazaply göreşe tomaşa edýärler. Ortada – adamlaryň gözüniň alnynda, barlyşyksyz hem ýowuz göreş geçýär.

Janyňy orta goýmak

Kolizeýiň her daşy üçin, azyndan bir guluň ömri köýen bolsa gerek. Indi ol daşlary sanamagyň mümkin bolmaýşy ýaly, pidalary-da ýatlamak kyn. Ýöne olar jebir çekip, adamzat akylyny haýran galdyrýan ymarat gurupdyrlar.

Beýleki bir topar gullar bu ýerde janyny orta goýup göreşe çykypdyrlar. “Janyňy orta goýmak” diýen düşünje, megerem, şu meýdançadan dörändir. Sebäbi göreşe çykanlar baýrak hökmünde özlerindäki iň gymmatly hem eziz zady – şirin jany orta goýupdyrlar. Ýeňiji şirin janyny gazanýar. Dünýäde ondan beýik nähili sylag bolup biler! Ýeňleniň ýitgisi agyr, ol elli müň tomaşaçynyň gözüniň alnynda, janyndan aýrylýar. Pälwanlyk kanuny şeýle bolupdyr; ýeňiji köp gezek, tä ýeňilýänçä göreşe çykýar hem ýeňip bilýär, ýeňlen batyr bir gezek ýeňilýär. Göreşiň bir maksady bolupdyr – diňe ýeňmeli. Hiç bir ýaryşda beýle gymmatbaha baýrak orta goýulmandyr.

Ýeňiş

Bu ýerde adam adam bilen; adam ýolbars bilen; adam gaplaň bilen göreşipdir. Şeýdip, Ölmezligi – diri galmagy gazanypdyrlar.

Wagt geçip, ol pälwanlardan hiç bir at ýa derek galmandyr. Bir bölegi ýumrulan Kolizeý bolsa şindizem asmanyň mähnet guýusyna meňzäp, howalanyp otyr. Ol şöhrat eýesi. Tebigy güýç ol şöhraty ýok ederden ejiz.

Beýik Kolizeý! Sen bu garry dünýäniň nusgasy bolaýma? Ençeme beýik hem ukyply ynsanlar geçip gitdiler, ölümden gorkmadyk batyrlar geçdiler, kuwwatly döwletler ýok boldy, zamana ençeme gezek özgerdi, sen bolsaň entegem şol belentligiňde. Belki, taryhda geçenlere şaýat bolmagyň üçin, bu dünýä seni aýap saklaýandyr.

Seniň belent başyňa seretseň, süýşýän bulutlar bilen birlikde, hyýalyň geçmişe gidýär. Seniň düýbüňe seredeniňde, alnymyzdaky garaňkylyk ýada düşýär. Bu eýsem hyýalmy ýa-da hakykat?!

Töwerek-daşda adamlar beýik hakykaty synlaýarlar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG