Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Orsýet howa zarbalaryny dowam etdirdi


Orsýet Siriýadaky howa zarbalaryny dowam etdirdi
Orsýet Siriýadaky howa zarbalaryny dowam etdirdi

Orsýetiň uçarlarynyň Siriýadaky nyşanlary 1-nji oktýabrda, ýagny indi bassyr ikinji gün bombalandyklary habar berilýär. Şol bir wagtda-da Saud Arabystany Orsýeti howa zarblaryny tizden-tiz bes etmäge çagyrdy. Kreml bolsa öz harby uçarlarynyň Siriýada “Yslam döwleti” toparynyň pozisiýalaryna däl-de, siriýa oppozisiýasynyň berkitmelerine hüjüm edýändigi baradaky aýyplamalary inkär etmäge dyrjaşýar.

Moskwanyň 1980-njy ýyllarda Owganystanda bolan uruşdan soň öňki Sowet Soýuzynyň giňişliginden daşarky iň uly harby interwensiýasyna Günbatar we Saud Arabystany tarapyndan aladalanma bildirilýärkä, ABŞ-nyň we Orsýetiň harbylary Siriýada bolaýmagy ähtimal özara tötänleýin çaknyşyklaryň öňüni almak üçin tiz wagtda maslahat geçirmäge taýýarlanýarlar.

Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 30-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň gapdalynda geçiren gepleşikleriniň yz ýany yglan etdiler.

Sergeý Lawrow “tötänleýin hadysalaryň öňüni almak üçin aragatnaşygyň ýola goýulmagy zerur” diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri gepleşikleriň 1-nji oktýabrda boljakdygyny habar berdi.

Orsýetiň güýçleriniň we ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän koalisiýanyň arasynda tötänleýin çaknyşyklaryň bolaýmagynyň ähtimaldygy baradaky çaklamalar Orsýet Siriýada 30-njy sentýabrda ilkinji howa zarbalaryny geçiren badyna peýda boldy.

Orsýet “YD-niň” ýaragly toparynyň jeňçilerini nyşana alýandygyny aýdýar, emma günbatar resmileri we Siriýanyň oppozision toparlary Orsýetiň ”Yslam döwletiniň” jeňçileriniň asla ýok ýerlerine zarba urýandygyny aýdýarlar.

Kerri Lawrow bilen geçiren üçünji duşuşygyndan soň Orsýetiň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň aram garşydaşlarynyň pozisiýalaryna zarba urandygy bilen bagly aladalanma bildirdi.

“YD zarba urmaklyk bir mesele, emma [biziň] aladamyz munuň [iş ýüzünde] başga zat bolmagynyň ähtimaldygy bilen bagly” diýip Kerri amerikan hökümetiniň pozisiýasyny aýan etdi.

Kerri eger Orsýetiň Siriýadaky harby çäreleri “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerine ýa “Al-Kaýda” bilen bagly toparlara garşy gönükdirilse, onda Waşingtonyň muňa garşy bolmajagyny belledi.

Fransiýanyň goranmak ministri Jean-Yves Le Drian Parižde kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda [Orsýetiň Siriýadaky ilkinji hüjümlerini göz öňünde tutup], “geň zat, olar ‘Yslam döwleti’ toparyna zarba urmady” diýdi.

ABŞ we Fransiýa Siriýada we Yrakda “YD” toparynyň pozisiýalaryna howadan hüjüm edýärler.

Siriýanyň Günbatar tarapyndan goldanylýan oppozision toparlaryny öz içine alýan Milli koalisiýasy Orsýetiň söweş uçarlarynyň şäherlere hüjüm edendigini we netijede azyndan 36 adamyň, şol sanda bäş çaganyň wepat bolandygyny aýtdy.

Koalisiýanyň ýolbaşçysy Haled Hoja “Orsýetiň [Siriýadaky urşa] goşulmagynyň režimiň peýdasyna boljakdygy, netijede Siriýada has köp adamlaryň ölümine getirjekdigi we bulam-bujarlygy güýçlendirjekdigi [öňünden hem] düşnüklidi” diýdi.

Orsýetiň Pariždäki ilçisi Aleksandr Orlow 1-nji oktýabrda Fransiýanyň Radiosynda eden çykyşynda bu çaklamalary “dezinformasiýa urşunyň” bir bölegi diýip atlandyrdy.

Orsýetiň emeldary Lawrow “şol howa hüjümleriniň nyşanlarynyň ‘YD’ toparynyň pozisiýalary bolmandygy baradaky myş-myşlar esassyz” diýip tekrarlaýar.

“Howa zarbalaryndan parahat ilata zyýan ýetendigi barada gürrüň edilýär. Bizde şeýle maglumat ýok” diýip, Lawrow aýak direýär.

Orsýetiň Goranmak ministrligi ýurduň söweş uçarlarynyň 20 sany uçuş edendigini we “YD” toparynyň Siriýadaky “sekiz sany obýektine zarba urandyklaryny” habar berdi.

Munuň öňüsyrasynda prezident Wladimir Putin howa zarbalary arkaly “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerine hüjüm edilendigini aýtdy.

“Eger jeňçiler Siriýada üstünlik gazansalar, olar [soňra] öz ýurtlaryna dolanyp, Orsýete hem baryp bilerler” diýip, Putin belledi we Orsýetiň “Siriýanyň goşunyny onuň terrorçy toparlara garşy kanuny söweşinde açyk goldajakdygyny” aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter “Assady goramaklyk we [Siriýada zerur] syýasy özgerişleri we geçiş döwrüni talap etmezlik oppozisiýada ekstremistik meýillere meçew berer we netijede zorlugy tutaşdyrar” diýip, 30-njy sentýabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ we onuň ýaranlary Siriýanyň prezidentiniň wezipeden çekilmegini talap edip gelýärler. Orsýet bolsa Başar al-Assadyň wezipesinde galmagyny gazanmaga çalyşýar.

XS
SM
MD
LG