Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin: Pentagon bilen habarlaşýarys


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň Goranmak ministrligi özüniň Siriýanyň içindäki harby çäreleri babatda Pentagon bilen habarlaşýar diýdi.

Şeýle-de Putin 1-nji oktýabrda rus uçarlarynyň howa zarbalarynda graždan adamlaryň ölendigi barada aýdylýanlar «informasiýa hüjümi» diýdi.

Birleşen Ştatlaryň senatory Jon MakKeýn bolsa Orsýetiň Siriýada 30-njy sentýabrda uran howa zarbalary Azat Siriýa goşunyna çekilýän nökerleri nyşana aldy diýdi.

Mälim bolşy ýaly, Azat Siriýa goşuny Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýar.

XS
SM
MD
LG