Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Russiýa çyndanam YD-ny bombalaýarmy?


Siriýanyň Homs welaýaty.

Siriýanyň Homs welaýaty.

Kremliň resmileri 30-nji sentýabrda Orsýetiň harby uçarlarynyň Siriýada "Yslam döwleti" atly jeňçi topara takyk anyklanan ýerlerde zarba urýandygyny aýtdylar.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa Birleşen Milletler Guramasynda žurnalistlere Orsýet "Yslam döwleti" jeňçi toparyndan başga nyşanalara zarba urýar diýilmegi hakykatyň ýoýulmagy diýdi.

Ýöne muny aýdýanlar - siriýaly gozgalaňçylar, aktiwistler we günbatar resmileri.

Siriýanyň döwlet telekanalynyň bildirmegine görä, Homs we Hama welaýatlarynda käbir ýerler nyşana alnyp, birnäçe zarba urlupdyr.

Ýöne gürrüňi edilýän bu etraplaryň dogrudanam "Yslam döwletiniň" jeňçileriniň elindedigine şübhelenilýär.

“Hakyky borjuň alamaty bolsa...”

Bir amerikan resmisi nyşana alnan bu ýerlerde "Yslam döwleti" toparynyň bardygyny sorag astyna alanyndan soň Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygynda geçen ýygnakda bu meseläni gozgady.

Ol Orsýetiň "Yslam döwleti" toparyny ýeňmek baradaky tagallalara goşulmagyny bu iş "eger hakyky borjuň alamaty bolsa", onda ony Amerikanyň oňat garşylajakdygyny aýtdy.

"Eger-de Orsýet ”Yslam döwleti” we ”Al-Kaýda” bilen baglanyşykly nyşanalaryň iş alyp barmaýan ýerlerine zarba ursa", bu Waşingtony çynlakaý aladalandyrar diýip Kerri belledi.

Ondan ozal Fransiýanyň, adyny bermekden saklanan bir diplomatik çeşmesi, [Orsýet tarapyndan] nyşana alnanlar "Yslam döwleti" topary däl, eýse Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy göreşýän güýçler diýen pikiri orta atdy.

Aşa yslamçy gozgalaňçylar

Diplomatik çeşmäniň aýtmagyna görä, "Olaryň nyşana alýany ”Yslam döwleti” däl, belki-de oppozision toparlar bolsa, onda bu olaryň ”Yslam döwletine” garşy göreşmekden Başaryň režimini has köpräk goldaýandygyny tassyklaýar".

Demirgazyk Homs welaýatynda orslar tarapyndan nyşana alyndy diýilýän ýerlere Siriýanyň birnäçe gozgalaňçy topary kontrollyk edýär. Aktiwistleriň, ýerli ýaşaýjylaryň we ekspertleriň bellemegine görä, bular ”Azat Siriýa Goşunyny”, şeýle hem ”Al-Kaýda” bilen iltelşikli ”Al-Nusra Frontuny”, aşa yslamçy gozgalaňçy topar ”Ahrar al-Şamy” öz içine alýar.

"Demirgazyk Homsuň oba ýerlerinde dürli toparlar bar. Bularyň käbiri ”Azat Siriýa Goşunynyň”, käbirleri ”Nusra” ýaly toparlaryň baýdagy astynda söweşýärler. Ýöne ol ýerde ”Yslam döwleti” jeňçileriniň ýokdugy ikuçsyz. Ol ýerler, umuman, aram ýerler" diýip, Edinburg uniwersitetiniň Siriýa boýunça bilermeni Tomas Pierret aýdýar.

Tomas Wan Lingiň aýtmagyna görä hem, Homs regiony gozgalaňçylaryň eline geçen ilkinji regionlaryň biri: "Ol ”Azat Siriýa Goşuny”, ”Ahrar al-Şam”, ”Jabhat al-Nusra”, şeýle hem ”Faýlak al-Homs” we ”Jaýş al-Tawhid” ýaly garaşsyz toparlaryň garyndysyndan durýar".

Aktiwistler

Siriýaly aktiwist topar "Ýerli koordinasiýa komiteti" hem özüniň Facebook sahypasynda orslar howa zarbasyny urdy diýilýän ýerlerde "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileri ýok diýip ýazdy.

"Aktiwistler asuda ilatdan onlarça adamyň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň hem öldürilendigini aýdýarlar" diýip, ”Ýerli koordinasiýa komiteti” belledi.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan gozgalaňçy topar ”Tajamu al-Ezzah” hem Twitterde ors howa zarbalarynda özüniň nyşana alnandygyny habar berip, şeýle ýazýar: "Terrorizmiň ýok edilmegi ”Tajamu al-Ezzahyň” baş karargählerini we [Hama welaýatynda ýerleşýän] Al-Latamna şäherini bombalamak bilen başlanana meňzeýär."

AP habar gullugynyň bildirmegine görä ”Tajamu al-Ezzah” özünde Birleşen Ştatlar tarapyndan üpjün edilen TOW raketalarynyň bardygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG