Sepleriň elýeterliligi

Duşenbede 11 ýaşyndaky gyzyny äre beren aýal jezalandyryldy


Duşenbäniň sud zaly.

Duşenbäniň sud zaly.

Duşenbäniň şäher kazyýeti, bir aýaly 11 ýaşyndaky gyzjagazyny Hytaýdan bolan bir uly ýaşly adama durmuşa çykarmakda aýyplap, 29 ýyl 8 aý azatlykdan mahrum etdi.

Täjik aýaly Zaýnabibi Safarowa kämillik ýaşyna ýetmedik öz gyzyny hytaýly birine durmuşa çykarandygy üçin azatlykdan şeýle uzak möhletli mahrum edýän jeza berildi. 22-nji sentýabrda Duşenbäniň şäher sudunda Azatlyk Radiosyna berlen maglumatda kazyýetiň karary netijesinde Safarowa 40 müň somoni möçberinde jerime salnandygy hem mälim edildi.

Safarowa bilen baglanyşykly ahyrky derňew işini respublikanyň baş kazyýeti alyp bardy. Derňewiň netijesine görä, 2010-njy ýylyň awgust aýynda Duşenbe şäherinde kireýine alnan otagda ýaşaýan we agzalan jenaýat işinde aýyplanýan aýal Mižgon atly 11 ýaşyndaky gyzjagazyny Hytaýyň 35 ýaşly raýaty bolan Abduljan Abdulaýt atly bir baý adama durmuşa çykarypdyr. Berlen maglumatlara görä, durmuş toýy we nikalaşyk durşy bilen dini häsiýetde geçirilipdir.

Alan karz puluny yzyna bermek

Derňew işgärleriniň bellemegine görä, kän wagt geçmänkä gyzjagaz göwreli galypdyr, ýöne ol çagasyny dogrup bilmändir. Safarowa eýdip-beýdip, Abdulaýty gyzjagazyň çagasyny Duşenbe şäherindäki 1-nji bäbekhanada aýyrtmagyna razy bolmaga mejbur edipdir.

Mundan daşgary Safarowa alty sany täjik we hytaýly işewüriň ynamyna girip, olardan 1 million dollar möçberinde alan karz puluny hem yzyna gaýtaryp bermändir.

Kazyýet Safarowany eden etmişinde günäkär tapyp, onuň Täjigistanyň Jenaýat kodeksiniň 164-nji (çaganyň dokuz ýyllyk orta bilim almagyny bökdemek), 168-nji (kämillik hem nika ýaşyna ýetmedik gyzy durmuşa çykarmak), 247-nji (uly möçberde ogurlyk etmek) maddalary boýunça jezalandyrmagy karar etdi.

Kazyýet şol bir wagtyň özünde Safarowany işewürlere ýetiren zyýanynyň öwezini dolmagyny hem talap etdi.

Şeýle-de kazyýetiň kararyna laýyklykda, Abuljan Abdulaýt hem kämillik we nika ýaşyna ýetmedik çagany zorlamakda we oňa öýlenmekde aýyplanyp, 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG