Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Mekdepde 9 adam öldürildi


ABŞ-da ýaragly adam mekdep otagynda ot açyp, dokuz adamy öldürdi. Hüjümçi polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

Günorta Oregonda Roseburg şäheriniň jemgyýetçilik mekdebinde bolan bu ok atyşykda hüjümçiniň dört sany ýaragy ulanandygyny CNN habar berdi. Ýedi adam ýaralanypdyr.

Diri galanlaryň biriniň sözlerine görä, hüjümçi ok atmakdan ozal pidalardan öz dinini aýtmagy talap edipdir.

Prezident Barak Obama bu habar bilen baglylykda eden çykyşynda ABŞ-nyň köpçülikleýin ok atyşyklara ýol berýän “syýasy islegi” ykrar edendigini aýdyp, ýurtda ýarag götermegiň kanunlaşdyrylmagyny goldaýan esasy topary Milli tüpeň assosiasiýasyny tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG