Sepleriň elýeterliligi

'Talyban' söweşijileri Gunduzda galýarlar


Owgan harbylary söweşiň bolan ýerinde barlag geçirýärler, Gunduz, 1-nji sentýabr, 2015

Owgan harbylary söweşiň bolan ýerinde barlag geçirýärler, Gunduz, 1-nji sentýabr, 2015

“Talybanyň” käbir söweşijileri Gunduzda galýarlar. Owgan güýçleri şäheriň uly bölegini öz gözegçiligine geçirdiler.

Ýerli ýaşaýjylaryň 2-nji oktýabrda aýtmaklaryna görä, owgan goşunyna garşy söweşýän “Talybanyň” söweşijileri raýatlaryň öýlerinde gizlenýärler.

Gunduz welaýatynyň ýerine ýetiriji häkimi Hamdullah Danişi şäheriň asudadygyny we bu ýerde “uly söweşleriň” ýokdugyny aýtdy. Emma Danişi muňa garamazdan söweşijileriň 300 müň ilatly şäherden doly çekilmändigini boýun aldy.

1-nji oktýabrda owgan goşuny Gunduzyň aglaba bölegini öz gözegçiligine aldy. “Talyban” bu şäheri 28-nji sentýabrda basyp alypdy.

XS
SM
MD
LG