Sepleriň elýeterliligi

Türkmen DIM-i 'basyş edildi' diýýär


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni, 30-njy sentýabrda türkmen delegasiýasynyň ÝHHG-nyň Warşawada adamkärçilik ölçegleri boýunça geçirýän ýyllyk maslahatyna eden iş saparynyň jemleri boýunça prez-reliz çap etdi.

Onda «käbir adamlaryň» Türkmenistanyň häkimiýetleriniň adresine ýakymsyz zatlary aýtmagyndan nägilelik bildirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň pikirine görä, Polşanyň paýtagtynda geçen maslahatyň dowamynda «käbir adamlar Türkmenistanyň adresine subýektiw, prowakasion we tendensioz kommentariýalary» aýdypdyrlar.

"Bu iş türkmen delegasiýasynyň wekillerine psihologiki basyş görkezmek, şeýlelikde ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýan beýleki döwletleriň gözüniň öňünde ýurduň abraýyny gaçyrmak üçin edildi» diýip, türkmen DIM-iniň beýanatynda aýdylýar.

Warşawada bolan 'waka'

Ozal habar berlişi ýaly, ÝHHG-nyň adamkärçilik ölçegleri boýunça geçiren ýyllyk konferensiýasyna gatnaşan türkmen aktiwistleriniň käbiri, hususan-da Norwegiýada ýaşaýan türkmen professory, türkmen parlamentiniň ozalky deputaty Pirimguly Taňrygulyýew öz çykyşynda türkmen prezidentini «diktator» diýip atlandyrdy we käbir günbatar döwletlerini, öz energiýa bähbitleri bilen bagly, Türkmenistandaky hukuk bozulmalaryna göz ýummakda aýyplady.

Türkmen DIM-iniň beýanatynda ýurtda adamyň esasy halkara hukuk dokumentlerinde berkidilen syýasy, graždan, ykdysady, sosial, medeni hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän döwlet we jemgyýetçilik institutlarynyň formirlenmek prosesiniň etaplaýyn amala aşyrylýandygy aýdylýar.

Mundanam başga, türkmen DIM-i käbir elektron neşirleriň konferensiýa mahalynda aýdylan zatlary «negatiw manyda sitirländigini» aýdyp, muňa gynanç bildirýär:

«Bu hili makalalaryň awtorlary, faktlary bilkastdan ýoýmak bilen, ýönekeý etika kadalaryna hem eýermän, Türkmenistanda üstünlikli amala aşrylyýan sosial-ykdysady we demokratiki özgerişleri, ýurduň ilatynyň abadançylygynyň, olaryň sosial goraglylygynyň ýokarlanyşyny görmek islemeýändikleriini açyk aýan edýär» diýip, türkmen DIM-i ýazýar.

«Şuňa meňzeş galmagallar halkara derejelerinde geçirilýän konferensiýalara asla gelişmeýär» diýip, türkmen DIM-i Aşgabadyň ÝHHG-niň wekilleri bilen mundan beýläk hem yhzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildirýär.

Anyk faktlar

Eger biraz yza dolansak, Türkmenistanyň resmi delegasiýasy 21-nji sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda ÝHHG-nyň Warşawada geçiren ýyllyk maslahatyna 12 ýylda birinji gezek gatnaşdy we daşary işler ministriniň birinji orunbsary Wepa Hajyýew konferensiýada birnäçe gezek çykyş edi, metbugat azatlygynyň gysylýandygyny, hemra antennalarynyň aýrylýandygyny ret etdi.

Ol, hususan-da, Balkanabatda tussag edilen žurnalist Nepesgulyýew barada söz açyp: «...Azatlyk radiosyna maglumat toplamaga hemaýat berýär we Azatlyk radiosynyň ştatdan daşary işgäri diýlip atlandyrylýan şahsyýetiň, jenap Nepesgulyýewiň boşadylmagy barada çagaryşlar boldy. Onuň Azatlyk radiosyna maglumat toplamaga hemaýat berendigi barada aýdylýanlar hakykata bap gelmeýär» diýdi.

Emma DIM-iň beýanatynda Balkanabatda tussaglykda saklanylýan žurnalist we goparylan antennalar baradaky anyk faktlar asla ýatlanylmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG