Sepleriň elýeterliligi

Parižde Ukraina boýunça gepleşik geçer


Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň liderleri 2-nji oktýabrda Parižde duşuşyp, Ukrainada parahatçylygy güýçlendirmek boýunça maslahat geçirerler.

Emma mitinge Siriýada dowam edýän uruş zerarly güýçlenen bosgunlar krizisiniň kölege salmagy ähtimal.

Dört ýurduň liderleri Ukrainada parahatçylyk prosesindäki kemçilikleri aradan aýyrmaga umyt baglaýarlar.

Gapma-garşylyk döredýän esasy mesele separatist gündogar Ukrainada şu aýda saýlaw geçirmek, gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki giňişliklere halkara synçylarynyň barmagyna kepil geçmek we söweş liniýasyndan agyr ýaraglary aýyrmak ýaly meselelerden ybarat.

XS
SM
MD
LG