Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak Orsýetiň zarbalaryny “makullap” biler


Yragyň premýer-ministri Haidar Al-Abadi
Yragyň premýer-ministri Haidar Al-Abadi

Yragyň premýer-ministri Orsýetiň teklip eden ýagdaýynda onuň howa zarbalaryny amala aşyrmagyny “makullap” biljekdigini aýtdy, emma Moskwa tarapyndan şeýle teklibiň entek edilmändigini belledi.

Haider al-Abadi 1-nji oktýabrda “France 24” telewideniýesi bilen söhbetdeşliginde: “Eger bize teklip edilse, biz muňa gararys. Iş ýüzünde men ony makullardym” diýdi. Abadi özüniň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen kontaktdadygyny belledi.

1-nji oktýabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň öz howa zarbalaryny Yraga ýaýbaňlandyrmak planlarynyň ýokdugyny, emma Yragyň soran ýagdaýynda muňa seredip biljekdigini belledi.

Haider Abadi Waşington we Moskwa Siriýa boýunça dawalaşmagyny bes edip, bilelikde işleşmegiň ýoluny gözlemeli diýdi.

XS
SM
MD
LG